Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy her ýyl geçirilýän «Mekdebe dolanmak – 2026» atly çäräni gurady. Onuň çäklerinde maýyplygy bolan çagalara we durmuş taýdan goraga mätäç bolan maşgalalaryň çagalaryna 25 toplum okuw esbaby gowşuryldy. Çäre «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň we Türkmenistanyň Maýyplygy bolan adamlary goldamak merkeziniň goldaw bermegi bilen geçirildi.
«Mekdebe dolanmak» («Back to school») çäresi eýýäm bäşinji gezek geçirilýär. Guramaçylaryň bellemegine görä, ol Ýewropa Bileleşiginiň inklýuziw bilimi ösdürmäge we her bir çaganyň bilim almagy, öz ukyplaryny doly açyp görkezmegi üçin zerur şertleri döretmäge ygrarlydygyny görkezýän däbe öwrüldi. Bu başlangyç çagalaryň täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.
Okuw esbaplary ýerleşdirilen mekdep torbalaryny çagalara Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Beata Peksa we wekilhananyň işgärleri gowşurdylar. Çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, ilçi çagalara bilesigelijiligini saklamagy, has köp sorag bermegi we okuwda ösüşini dowam etdirmegi arzuw etdi. Ol gowşurylan okuw esbaplarynyň çagalaryň bilim almagynda, döredijilik ukyplaryny ösdürmeginde we kämilleşmeginde kömekçi boljakdygyny belledi.
Çagalar üçin dürli interaktiw oýunlary, aýdym-saz we tanslary guran animatorlar bu çäräniň baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.