Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynda Gazagystan Respublikasynyň Senatlar geňeşiniň agzasy, hormatly aksakal Omurzak Ozganbaýew bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň başynda hormatly aksakal Aşgabat şäherine bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlap, 2024-nji ýylyň 11 — 13-nji martynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türk döwletleri guramasynyň (TDG) Aksakallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda 23-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bilen bagly pikir alyşmalar geçirildi.
Duşuşykda 23-nji awgustda Gazagystan Respublikasynda Gurultaýyň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigi hem bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň döwlet gurluşynyň aýratynlyklaryna garamazdan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gazagystanyň täze döwlet edarasy bolan Halk Geňeşiniň türk halklarynyň gadymy däplerine uzap gidýän umumy taryhy-medeni esaslarynyň bardygyny bellediler.