Turkmenportal logo
Şu gün 17:25
45944594
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hysyrdysyz dabara: «Naýbaşy» toý dabaralaryny we milli dessurlary göçme hyzmat arkaly guraýar

«Naýbaşy» kompaniýasy birnäçe ýyl bäri islendik amatly ýerde: tebigatyň goýnunda, şäher daşynda ýa-da hususy ýer böleginde dabaraly çäreleri geçirmek üçin göçme hyzmatlary hödürleýär. Kärhananyň hünärmenleri milli hudaýýoly we sadaka dessurlaryndan başlap, toý dabaralaryna çenli dürli görnüşli baýramçylyk dabaralaryny guramagy doly öz üstüne alýarlar.

Toplumlaýyn hyzmat

«Naýbaşy» kompaniýasynyň göçme hyzmatynyň çäklerinde dabara çadyrlaryny kärendä bermek, işine ussat hünärmenleriň hyzmaty hem-de tejribeli aşpezleriň elinden çykan ajaýyp tagamlary taýýarlamak göz öňünde tutulandyr. Müşderilere bezegçileri, aşpezleri we dabara çadyrlaryny guramak üçin potratçylary aýratyn gözlemek gerek bolmaýar — kompaniýa logistikany, gurnama işlerini we çäre geçirilýän gününde işleri utgaşdyrmagy doly öz üstüne alýar.

Minimalist çemeleşmäni halaýanlar üçin taýýar tagamlary aýratyn sargyt etmek hyzmaty hem elýeterlidir — muňa çäräni guramagyň doly topumy girmeýär.

Islendik görnüşdäki bezegler

«Naýbaşynyň» hünärmenleri toý arkasyndan we dokma bezeglerden başlap, baýramçylyk yşyklandyryşyna hem-de gül kompozisiýalaryna çenli dabaranyň çeperçilik bezegini öz üstüne alýarlar. Kompaniýanyň dizaýnerleri döwrebap bezeg meýillerini milli aýratynlyklar — milli göller, elde dokalan halylar we türkmen stilindäki dokma önümleri bilen utgaşdyrmaga çalyşýarlar.

Serhetsiz gastronomiýa

«Naýbaşy» kompaniýasynyň gastronomik konsepsiýasy giň teklipleri we kämil ýerine ýetirilişi bilen tapawutlanýar. Myhmanlar milli türkmen aşhanasynyň özboluşly tagamlaryny ýa-da türk we ýewropa aşpezlik däpleriniň ajaýyp önümlerini saýlap bilýärler.

Kompaniýanyň wekilleriniň bellemeklerine görä, ähli tagamlar dabaranyň geçirilýän ýerinde tejribeli aşpezler tarapyndan taýýarlanylýar — myhmanlar naharlaryň taýýarlanylyşyny görüp, özlerini hakyky toý gurşawynda duýup bilerler.

«Biziň maksadymyz — myhmanlaryň diňe bir süýji tagamdan lezzet almagy däl, eýsem, gazanda bişirilýän palawyň taýýarlanyşyny görüp, täze bişen çöregiň ýakymly ysyny duýup, şol gurşawa doly girmegidir. Bu baýramçylygyň döredýän täsiriniň bir bölegidir» diýip, kompaniýada gürrüň berdiler.

Türkmen öýleri — dabaranyň merkezi

Dabaranyň geçirilýän ýerde guralýan türkmen öýleri göçme hyzmatyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Olar halylar, düşekçeler we milli stildäki dokma önümler bilen bezelip, öý ýylylygynyň gurşawyny döredýär hem-de däp-dessurlara bolan hormaty aňladýar. Türkmen öýi myhmanlary garşylamak, fotosessiýa zolagy ýa-da uly nesil üçin dynç alyş ýeri hökmünde dabaranyň esasy merkezine öwrülýär.

Islendik çäre üçin

Göçme hyzmatlar diňe bir toýlar üçin däl, eýsem, milli dessurlar — hudaýýoly we sadaka, şeýle hem beýleki dabaraly çäreler üçin hem laýyk gelýär. Bu, aýratyn-da, çäräni şäher daşynda, tebigatda ýa-da adaty banket zalyndan tapawutlanýan görnüşde geçirmek isleýänler üçin örän amatlydyr.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu hyzmat ýylyň maýyl döwründe ýokary islegden peýdalanýar — göçme dabaralaryň möwsümi kompaniýa üçin iň meşgul döwürleriň biri bolmagynda galýar.

Bronlamak, tagamlary saýlamak we hyzmatlar toplumynyň bahalary bilen tanyşmak üçin «Naýbaşy» kompaniýasyna ýüz tutup bilersiňiz.

 Habarlaşmak üçin telefonlar: +99365 634643, +99365 418814.