Turkmenportal logo
Şu gün 16:07
77247724
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda şäherler we obalar üçin suwdan peýdalanmagyň täze kadalary tassyklandy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi 2026-njy ýylyň 26-njy iýunyndaky buýrugy bilen «Suw üpjünçiligi. Daşarky ulgamlar we desgalar» atly TGK 2.04.02-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda» täze gurluşyk kadalaryny  tassyklady. Täze kadalar suw üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça öňki düzgünleriň ýerine geçýär. Resminama 2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alyndy.

Täze kadalara laýyklykda, bir ýaşaýja düşýän hojalyk-agyz suwunyň ortaça gündelik sarp edilişi ýaşaýyş jaýynyň abadanlaşdyrylyş derejesine baglylykda kesgitlenýär. Wannasy bolmadyk jaýlarda bu görkeziji bir adam üçin günde 160–200 litr, wannasy we ýerli suw gyzdyryjysy bolan jaýlarda 210–260 litr, merkezleşdirilen gyzgyn suw üpjünçiligi bolan jaýlarda bolsa günde 300–450 litr möçberinde bellenilýär.

Köçelerdäki suw geçiriji sütünlerinden peýdalanýanlar üçin hem aýratyn kada göz öňünde tutulyp, bir adama günde 30–50 litr suw sarp edilişi kesgitlenýär. Suw serişdeleri ýetmezçilik eden ýagdaýynda bu görkeziji peseldilip bilner.

Baş meýilnamalary we etrap meýilleşdiriş çyzgytlaryny işläp taýýarlamakda hasaplamalar üçin resminamada suwuň sarp edilişiniň iri ölçegli görkezijileri hem bellenilýär. Şäherler üçin gurluşygyň birinji tapgyrynda bir ýaşaýja günde 550 litr, hasaplaşyk möhleti üçin bolsa 600 litr suw göz öňünde tutulýar. Oba ýerlerindäki ilatly nokatlar üçin bu görkezijiler ep-esli pes bolup, degişlilikde günde 125 we 150 litr düzýär.

Şeýlelikde, täze kadalar şäher we oba ilatynyň hasaplaşyk boýunça suw sarp edilişiniň arasynda düýpli tapawudy kesgitleýär. Bu tapawut şäherlerde we oba ýerlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň inženerçilik taýdan abadanlaşdyrylyş derejesiniň dürli bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Resminamada, şeýle hem ýangyn söndürmek üçin zerur bolan suw sarp edilişine, suw üpjünçiligi çeşmeleriniň goragynyň sanitariýa zolaklaryna, suwy arassalamaga we zyýansyzlandyrmaga, şeýle-de seýsmiki taýdan howply sebitlerde we çökýän topraklarda suw geçiriji desgalaryň gurluşygyna bildirilýän talaplar düzgünleşdirilýär.