Turkmenportal logo
Şu gün 15:42
70417041
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
FIFA-nyň ýolbaşçysyna bolan ynama üç futbol konfederasiýasy şübhe bildirdi

Dünýäniň iň iri üç futbol konfederasiýasy — UEFA, Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFC) we KONKAKAF — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen ýüze çykan düşünişmezligiň çäklerinde alternatiw, ýagny başga ýaryşlary döretmek baradaky gepleşiklere başlady. Guramalar onuň hereketlerini «aldaw» diýip häsiýetlendirdiler we FIFA-nyň ýaryşlarynda, şol sanda dünýä çempionatynda paýlaryň satylmagy baradaky ýatyrylan meýilnama boýunça garaşsyz derňew geçirilmegini talap etdiler. Bu barada «The Telegraph» neşiri habar berýär.

FIFA-nyň ýaryşlaryna hususy maýa goýumlaryny çekmek baradaky meýilnama giň garşylyklar sebäpli 31-nji iýulda ýatyryldy. Düşünişmezlik UEFA-nyň derňewiniň çap edilenden soň has-da ýitileşdi. Derňewde UEFA-nyň şol wagtlar guramanyň baş sekretary bolup işlän Infantino bilen gatnaşykda bolandygy çak edilýän bir zenana öwez tölegini töländigi aýdylýar.

UEFA-nyň, AFC-niň we KONKAKAF-yň ýolbaşçylary açyk hatda FIFA-nyň prezidentine bolan ynamyň pese gaçandygyny mälim edip, taslama boýunça doly we garaşsyz barlag geçirmäge çagyrdylar. Şol hata UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin, AFC-niň prezidenti Salman bin Ibrahim al-Halifa we KONKAKAF-yň prezidenti Wiktor Montagliani gol çekdi. Bu üç konfederasiýa FIFA-nyň düzümine girýän 211 milli assosiasiýanyň 143 ýurduna wekilçilik edýär.

Resminama Infantino üçin mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän FIFA-nyň prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda meýletinlik bilen wezipesinden çekilmek mümkinçiligi baradaky duýduryş hökmünde kabul edilýär. UEFA şeýle hem FIFA-nyň ýaryşlarynda paýlary islendik görnüşde satmak baradaky meýilnamanyň täzeden dikeldilmezligi barada kepillik almasa, ýaryşlary ret etmekligi yglan etjekdigini duýdurdy. Ret etme howpy, ilkinji nobatda, sentýabr aýynda Polşada geçiriljek 20 ýaşa çenli zenanlaryň dünýä çempionatyna abanmagy mümkindir.