Turkmenportal logo
Şu gün 14:33
30693069
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestri «Young Euro Classic» festiwalyna gatnaşýar

Ýurduň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestri 31-nji ýul — 16-njy awgust aralygynda Berlinde geçirilýän «Young Euro Classic» ýaşlar simfoniki orkestrleriniň 27-nji halkara festiwalynyň çäklerinde çykyş etdi.

9-njy awgustda «Konzerthaus Berlin» sahnasynda türkmen sazandalary Çary Nurymowyň we Weli Muhadowyň eserleri bilen bir hatarda, häzirki zaman daşary ýurt kompozitorlarynyň sazlaryny hem ilkinji gezek ýerine ýetirdiler.

«Ertirki günüň sazandalary şu gün» diýen şygar astynda geçýän festiwal dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan gelen 14 sany öňdebaryjy ýaşlar toparyny bir ýere jemledi. Festiwal ýaş awtorlary işjeň goldaýar we her ýyl eseriň iň gowy premýerasy ýa-da nemes sahnasyndaky ilkinji ýerine ýetirilişi üçin baýrak gowşurýar.