Turkmenportal logo
Şu gün 12:36
55515551
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin — 2026» halkara sergisiniň çäklerinde italýan sportunyň güni geçiriler

21-nji awgustda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde italýan sportunyň güni guralar.

Bu barada Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy öz resmi saýtynda habar berýär.

Çäre Çandybil köçesinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sagat 18:00-dan 19:00-a çenli geçiriler.

Ýeri gelende ýatlatsak, «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy 19 — 22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçiriler. Ol çagalara niýetlenen harytlar we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan işewürleriň, bilim edaralarynyň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlär.

Serginiň umumy meýdanynyň 8 000 inedördül metre deň bolup, oňa 10 000-den gowrak adamyň gelmegine hem-de Türkmenistandan we daşary ýurtlardan 100-den gowrak gatnaşyjydyr ugurdaş hünärmenleri bir ýere jemlemegine garaşylýar.