Turkmenportal logo
Şu gün 11:01
20562056
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen tennisçisi ilkinji gezek ýetginjekleriň «Roland Garros» ýaryşynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

Türkmenistanyň geljegi uly ýaş tennisçileriniň biri Aly Geldiýew ilkinji gezek «Roland-Garros Junior Series by Renault Qualification for West and Central Asia» atly halkara ýaryşyna gatnaşar. Ýaryş 17–22-nji awgust aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriler. Bu barada «Türkmenistan: Alty asyr» elektron gazeti habar berýär.

Bu ýaryş Merkezi we Günbatar Aziýanyň tennisçileri üçin sebit boýunça saýlama tapgyr bolar. Ýaryşyň netijeleri boýunça iň güýçli tennisçiler oktýabr aýynda Ýaponiýada geçiriljek «Roland-Garros Junior Series» ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Şol ýerde 2027-nji ýylda geçiriljek ýetginjekleriň «Roland Garros» ýaryşyna gatnaşmak üçin ýollanmalar ugrunda göreşiler.

14 ýaşly türkmen tennisçisi halkara we Aziýa reýtinglerindäki görkezijileriniň esasynda Almaty şäherindäki ýaryşda çykyş etmäge hukuk gazandy. Geldiýewiň ilkinji uly halkara üstünligi 2024-nji ýylyň oktýabrynda Dohada geçirilen Aziýanyň «ATF U14» ýetginjekler ýyryşynyň 3-nji tapgyrynda gazanyldy. Şol döwürde 12 ýaşynda bolan tennisçi ýekelikde we jübüt görnüşlerde ýeňiji boldy.

2025-nji ýylda ol Bahreýnde geçirilen «ITF World Junior U14» ýaryşynyň deslapky tapgyrynda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň öňdebaryjy oýunçylarynyň birine öwrüldi. Geldiýew ýekelikdäki ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň bu ýaryşdaky taryhynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna iň gowy netijäni görkezmegine uly goşant goşdy. Şol ýylyň soňrakky döwründe tennisçi Taýlandda geçirilen «ATF 14&Under» ýaryşynda hem ýekelikde we jübüt görnüşlerde ýene-de çempion boldy.

2026-njy ýylyň martynda Geldiýew Türkmenistanyň ýygyndysyna ilkinji gezek 16 ýaşa çenli tennisçileriň arasynda geçirilýän «Junior Davis Cup» ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň finalyna çykmaga kömek etdi. Iki aýdan soň bolsa 14 ýaşynda erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolup, milli birinjilik ýaryşynyň taryhynda iň ýaş çempion hökmünde rekord goýdy.

Häzirki wagtda ýaş tennisçi Aşgabatda Meýlis Orazmuhammedowyň we Ýuriý Rogusskiýniň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Ol tennis bilen meşgullanmaga Türkmenabat şäherindäki 9-njy çagalar-ýetginjekler sport mekdebinde Babamyrat Mamatrasulowyň tälimçiliginde başlapdy.