Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşik «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançada geçirildi diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Bäsleşige gatnaşyjylar gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan türkmeniň milli mirasyny wasp edýän aýdymlary täze öwüşginler esasynda ýerine ýetirdiler.
Habarda bellenilişi ýaly, eminler toparynyň gelen netijesine görä, Dänew etrabynyň «Ýyldyz» geňeşliginde ýaşaýan Atamyrat Muhtarow we Halaç etrabynyň Medeniýet merkezinde işleýän Jumageldi Babaýew dagy bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Atamyrat Muhtarowyň ýerine ýetiren «Humaý gözli», Jumageldi Babaýewiň aýdan «Läläm» diýen aýdymlary hemmeleriň göwnünden turdy.