Turkmenportal logo
Şu gün 10:01
28572857
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda howa +43 gradusa çenli gyzar, az-kem ýagyş ýagar 

Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gul­­lugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:

Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23... +25 gradusdan +26... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +37 gradusdan +40... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +34... +39 gradus yssy bolar.

Ahal welaýatynda az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +39 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.