Turkmenportal logo
Şu gün 09:19
16751675
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2–7-nji awgust aralygynda Londonda geçirilen «iWISE Global Final London 2026» atly halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň 10 mekdep okuwçysy üstünlikli çykyş etdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, bäsleşigiň ähli tapgyrlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň topary 10 medal — 6 altyn we 4 kümüş medal gazandy.

Altyn medallara Aşgabat şäheriniň 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylary Resulberdi Orazberdiýew, Salyh Kakalyýew we Resul Geldiýew, Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Selim Begmyradow, Aşgabat şäherindäki 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Nurmurat Kulow, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Malikmyrat Annamyradow mynasyp boldular.

Kümüş medallaryň eýeleri bolsa Aşgabat şäheriniň 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Salyh Altyýew, Aşgabat şäheriniň 13-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Rozymyrat Ýagşymyradow, Arkadag şäheriniň 3-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Ebubekir Berdiýew we Arkadag şäheriniň 2-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Umyt Atamyradow boldy.

Türkmenistanyň bäş wekili taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezip, «Iň gowularyň gowusy» («Best of the Best») diýen hormatly ada mynasyp boldular we ýörite pul baýraklary bilen sylaglandylar.

Mundan ozal Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň «iWISE» bäsleşigine gatnaşmak üçin Beýik Britaniýa ugrandyklary barada habar beripdik. Giň gerimli bu aň-paýhas bäsleşigine 25 döwletiň mekdep okuwçylary gatnaşdylar.