Belgiýanyň «Air Belgium» awiakompaniýasy Aşgabat şäheriniň howa menziline ilkinji yzygiderli ýük gatnawyny amala aşyrdy. Şeýlelikde, Aziýadan Ýewropa haryt daşamak üçin täze ugur açyldy.
«Air Belgium» kompaniýasynyň ýerüsti amallar boýunça direktory Matýo Wituk howa menziline berilýän goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi we köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine umyt bildirýändigini aýtdy.
«Bu biziň Aşgabat şäherine ilkinji gatnawymyz. Şeýle mümkinçilikden örän hoşal we Aşgabat howa menziline berlen goldaw hem-de mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirýäris. Aziýadan Belgiýa ýüklerimizi daşamakda bu hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem hyzmatdaşlygymyzy köp ýyllaryň dowamynda dowam etdireris diýip, umyt baglaýarys» — diýip, onuň sözlerini howa menziliniň metbugat gullugy getirýär.
«Air Belgium» kompaniýasynyň merkezi Belgiýanyň Mont-Sen-Giber şäherinde ýerleşýär. Bu kompaniýa diňe halkara ýük howa gatnawlaryny amala aşyrmak boýunça ýöriteleşýär.