Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti we Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň « Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çärä Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň professor-alymlary, Azerbaýjan Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolup, onuň işiniň döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge, demokratik institutlary ösdürmäge, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy pugtalandyrmaga hem-de ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermäge gönükdirilendigi bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hem tanyşdyryldy.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamanyň 78 döwletiň awtordaşlygynda ylalaşyk esasynda kabul edilendigi bellenildi.