Turkmenportal logo
Şu gün 08:36
49324932
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Niderland hünärmeni Wan 't Ship Gazagystanyň futbol boýunça ýygyndysyna baş tälimçi bolar

Gazagystanyň futbol federasiýasy niderland hünärmeni Jon wan 't Ship bilen ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine bellenilmegi barada ylalaşyk gazandy. Bu barada federasiýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hünärmeniň bellenilmegi federasiýanyň ýerine ýetiriji komiteti bilen ylalaşylandan soň resmi taýdan tassyklanar. Niderland hünärmeni bu wezipede iýun aýynda işinden çekilen ýerli tälimçi Talgat Baýsufinowyň ornuny eýelär.

Wan 't Ship futbolçy hökmünde Amsterdamyň «Aýaks» we Italiýanyň «Jenoa» toparlarynda çykyş etdi. Şeýle hem ol Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň düzüminde oýnap, 1988-nji ýylda Ýewropa çempiony boldy. Ol tälimçilik işine «Aýaksda» başlady. Soňra «Twente», «Zwolle», Meksikanyň «Gwadalahara» we Awstraliýanyň «Melburn Siti» toparlaryna ýolbaşçylyk etdi. Milli ýygyndylar derejesinde bolsa Gresiýanyň we Ermenistanyň ýygyndylarynda tälimçilik etdi.

Gazagystanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyny öz toparçasynda soňky ýeriň öň ýaňyndaky orunda tamamlap, dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny gazanyp bilmedi.