Turkmenportal logo
05.08.2026
82098209
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň başlygyny kabul etdi  

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ÝHHG-niň dünýäde parahatçylygy we durnukly özi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy hem-de ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça parahatsöýüjilikli başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurduň bu sapara Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara giňişliginde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan ÝHHG-niň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutany häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti bilen bu guramanyň Aşgabatdaky merkezinde bilelikde taýýarlaýan hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň esasynda işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri üpjün etmäge döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurda degişli işleri dowam etmek we halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen ýurduň ÝHHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.

«Biziň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag mümkinçiliklerimizi doly ulanmak daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli ulanmak ýaly ugurlarda-da hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn şertlerimiz bar» diýip döwlet Baştutany aýtdy hem Türkmenistanyň geljekde-de dünýäde parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmek ugrunda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.