Turkmenportal logo
Şu gün 14:32
32523252
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mohammed Salah futbol ýoluny Türkiýäniň «Trabzonspor» klubynda dowam etdirer

Türkiýäniň «Trabzonspor» futbol kluby müsürli hüjümçi Mohammed Salah bilen şertnama baglaşdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.

Futbolçy bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti barada resmi maglumat berilmedi. Žurnalist Ýagyz Sabunçoglunyň habar bermegine görä, Salah bilen iki ýyllyk şertnama baglaşyldy.

34 ýaşly Mohammed Salah 2017-nji ýylyň tomsundan bäri Angliýanyň «Liwerpul» klubynda çykyş edip, geçen möwsümiň ahyrynda topar bilen hoşlaşdy. Ol «Liwerpulyň» düzüminde dürli ýaryşlarda jemi 442 duşuşyga gatnaşyp, 257 gol geçirdi we 123 gezek netijeli pas berdi. Müsürli hüjümçi klubyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda üçünji orny eýeleýär. Bu görkeziji boýunça ol diňe uelsli hüjümçi Ian Raşdan (339 gol) we iňlis futbolçysy Rojer Hantdan (280 gol) yza galýar.

Salah «Liwerpul» bilen Angliýanyň çempiony boldy, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy, şeýle hem Angliýanyň Kubogyny, Angliýanyň Superkubogyny, UEFA-nyň Superkubogyny we Klublaryň arasyndaky dünýä çempionlygyny gazandy. Mundan başga-da, ol Angliýanyň Ligasynyň kubogyny iki gezek utdy.

«Trabzonspor» Türkiýäniň ýedi gezek çempiony bolup, ýurduň Kubogyny hem on gezek gazandy. Şeýle-de klub häzirki wagtda Türkiýäniň Kubogynyň eýesidir. Geçen möwsümde «Trabzonspor» milli çempionatda ýedinji orny eýeledi.