Turkmenportal logo
Şu gün 14:41
36203620
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň U17 ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bije çekişliginde ikinji sebetde ýerleşdirildi

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen futbol ýygyndysy 2027-nji ýylda geçiriljek U17 Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişliginiň öňüsyrasynda ikinji sebetde ýerleşdirildi. Bije çekmek dabarasy 27-nji awgustda geçiriler.

Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryşyň final tapgyry 2027-nji ýylyň 12–29-njy maý aralygynda Özbegistanda geçiriler. Final tapgyryna eýýäm dokuz ýygyndy gatnaşmaga hukuk gazandy. Olar ýaryşy kabul edýän Özbegistanyň ýygyndysy, şeýle hem 2026-njy ýyldaky U17 Aziýa Kubogynyň iň güýçli sekiz ýygyndysy — Awstraliýa, Saud Arabystany, Täjigistan, Ýaponiýa, Hytaý, Wýetnam, Koreýa Respublikasy we Katardyr.

Galan ýedi ýollanma 2026-njy ýylyň 8–20-nji noýabry aralygynda geçiriljek saýlama tapgyrynyň netijeleri boýunça öz eýelerini tapar.

27-nji awgustda geçiriljek bije çekişligiň netijesinde 35 ýygyndy ýedi topara bölüner. Her toparyň ýeňijisi final tapgyryna çykmaga hukuk gazanar.

Türkmenistanyň ýygyndysy ikinji sebetde ýerleşdirilendigi sebäpli, şol bir toparda bu sebetdäki beýleki ýygyndylar — Malaýziýanyň, Yragyň, Bangladeşiň, Mýanmanyň, Kuweýtiň we Laosyň ýygyndylary bilen duşuşmaz.

Birinji sebede Ýemeniň, Tailandyň, Indoneziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Omanyň we Eýranyň ýygyndylary ýerleşdirildi.

Üçünji sebetde Owganystanyň, Siriýanyň, Bahreýniň, Iordaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gonkongyň (Hytaý) we Palestinanyň ýygyndylary bar. Dördünji sebede Pakistanyň, Mongoliýanyň, Singapuryň, Liwanyň, Filippinleriň, Hytaý Taýbeýiniň we Butanyň ýygyndylary ýerleşdirildi. Bäşinji sebetde bolsa Kambojanyň, Makaonyň, Bruneýiň, Demirgazyk Mariana adalarynyň, Maldiwleriň, Şri-Lankanyň we Guamyň ýygyndylary bar.