Turkmenportal logo
Şu gün 11:18
44524452
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen türgeni Abdylla Babaýew awgust aýynyň ahyrynda geçiriljek tutluşyga taýýarlyk görýär

Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Abdylla Babaýew awgust aýynyň ahyrynda «Fight Nights» guramasy tarapyndan geçiriljek nobatdaky tutluşygyna taýýarlyk görmek maksady bilen, Tailandyň Phuket adasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

Abdylla Babaýew söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady bolup, Dünýä kubogynyň üç gezek eýesi, pankration boýunça dünýäniň we Aziýanyň çempionydyr. Ol «Fight Nights Global» guramasy bilen şertnama 2024-nji ýylyň başynda baglaşdy.

Türkmen türgeni soňky tutluşygyny 2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Soçi şäherinde geçirilen «Fight Nights 134» ýaryşynda geçirdi. Onuň garşydaşy ýaryşa ilki yglan edilen türgeniň ornuna gatnaşan Russiýanyň wekili Ramazan Aliýew boldy. Tutluşyk emin agzalarynyň biragyzdan çykaran karary bilen Aliýewiň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu netije Babaýewiň sport ýolundaky ilkinji ýeňlişi boldy. Häzirki wagtda Abdylla Babaýewiň ussatlar ýaryşlaryndaky görkezijisi 5 ýeňişden we 1 ýeňlişden ybarat.