Turkmenportal logo
Şu gün 11:01
40974097
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we BAE-niň welosipedçileri Aşgabatdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda 1270 kilometre golaý ýol geçerler

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi weloklubynyň wekilleri bilen bilelikde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu ýygnanyşygy guramak boýunça meýilnamalar barada hasabat berildi. Guramaçylaryň mälim etmegine görä, okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4–20-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Abu-Dabiden geljek wekiliýetiň düzümine 28 adam – klubyň ýolbaşçysy, iki tälimçi, welosipedleri abatlaýjy ussa hem-de 24 türgen girer. Myhmanlar «Türgenler» myhmanhanasynda ýerleşdiriler. Olar türgenleşiklerini paýtagtyň awtomobil ýollarynda, şeýle hem Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumyndaky welotrekde geçirerler.

Şosse ýollaryndaky türgenleşikler Atatürk, Arçabil, Köpetdag şaýollarynda we Gökderä tarap barýan awtomobil ýolunda geçiriler. Türgenler aýry-aýry günlerde 60, 80, 100, 120, 140 we 150 kilometrlik aralyklary geçerler. Umuman alanyňda, ýygnanyşygyň dowamynda welosipedçiler şosse ýollarynda 1270 kilometre golaý ýol geçerler. Şeýle hem welotrekde alty türgenleşigiň we üç sany okuw-usulyýet maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek we ilkinji lukmançylyk kömegini bermek meseleleri boýunça degişli döwlet düzümleri bilen utgaşykly işler alnyp barlar.

Abu-Dabi weloklubynyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary 2023–2025-nji ýyllarda hem Aşgabatda geçirilipdi. Şeýle-de, 2023-nji we 2024-nji ýyllarda türkmen türgenleri Abu-Dabide geçirilen «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň welosport federasiýasynyň başlygy Muhammetresul Hashojaýewiň sözlerine görä, awgust aýyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna baş tälimçi Kakabaý Ataýewiň we onuň kömekçisi Igor Ýoldaşewiň ýolbaşçylygynda 15 türgen gatnaşar.

Aşgabatdaky ýygnanyşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 28–30-njy awgust aralygynda Tailandda geçiriljek trek welosporty boýunça Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşda çykyş eder. Möwsümiň esasy maksady bolsa 29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýada geçiriljek Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekdir.