Turkmenportal logo
Şu gün 10:24
47754775
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Beýik Britaniýanyň «Chevening» talyp haklary maksatnamasyna resminamalar kabul edilip başlandy

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2027–2028-nji okuw ýyly üçin «Chevening» talyp haklary maksatnamasyna gatnaşmak isleýänlerden resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny mälim etdi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Beýik Britaniýanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän bu maksatnama gatnaşyjylara Birleşen Patyşalygyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça bir ýylyň dowamynda magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär. Bellemeli zat, bu maksatnama mugallymçylyk hünärlerini we iňlis dilini öwrenmek boýunça okuwlary öz içine almaýar.

Talyp haky maksatnamasy ýol, ýaşaýyş, gündelik çykdajylar hem-de okuw töleglerini doly öz içine alýar. Maksatnama hünär ýolunyň başlangyç ýa-da orta tapgyrynda duran we iňlis dilini erkin bilýän dalaşgärler üçin niýetlenendir.

Maksatnama gatnaşmak üçin dalaşgärler www.chevening.org/apply internet sahypasynda hasaba alnyp, elektron görnüşindäki ýüz tutmany doldurmalydyrlar. Ýüz tutmany doldurmagyň tertibi barada goşmaça maglumatlary şol saýtdan, şeýle hem Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň www.gov.uk/government/world/turkmenistanresmi internet sahypasyndan we onuň sosial ulgamlardaky sahypalaryndan alyp bolýar. Beýleki sowallar boýunça ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk elektron poçta salgysyna ýüz tutmak mümkin.

Resminamalaryň kabul ediliş möhleti 2026-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda tamamlanýar.