Turkmenportal logo
Şu gün 09:04
51295129
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Ilçisi Taýlandyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalowyň Taýland Patyşalygyna amala aşyran gulluk iş saparynyň çäginde Taýlandyň Daşary işler ministrliginde Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika işleri boýunça Baş direktor Urasa Mongkolnawin bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, ýokary derejeli saparlary guramak, syýasy geňeşmeleri geçirmek we söwda-ykdysady, ulag-logistika, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, bilim hem-de syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky garaýyşlaryny tassykladylar. Taýland tarapy geljekde Patyşanyň Türkmenistana saparyny guramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.