Döwlet ähmiýetli şäher bolan Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda Änew şäheriniň «Ahal» futbol klubuny ýeňdi.
Duşuşyk ýekşenbe güni Aşgabat şäherinde geçirilip, «Arkadagyň» 3:0 hasabyndaky ynamly üstünligi bilen tamamlandy. Gollary Rahman Myratberdiýew (19-njy minutda), Begenç Akmämmedow (57-nji minutda) we Şanazar Tirkişow (79-njy minutda) geçirdiler.
«Arkadag» bu duşuşyga Türkmenistanyň häzirki çempiony we Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi hökmünde gatnaşdy. «Ahal» bolsa geçen möwsümdäki Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalçysy hökmünde çykyş etdi.
Bu ýeňiş «Arkadag» futbol kluby üçin Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky ýaryşdaky üçünji ýeňşi boldy. Bu ýaryşda iň köp — sekiz gezek ýeňiji bolan klub häzirlikçe «Altyn Asyr» bolup galýar. «Balkan» we MTTU toparlary hem Naýbaşy kubogy üç gezek gazandylar. «Aşgabat», «Merw» we «Ahal» toparlary bolsa bu kuboga bir gezek mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy 2005-nji ýylda Türkmenistanyň futbol federasiýasy tarapyndan döredildi. Şondan bäri bu kubok ugrundaky duşuşyk Türkmenistanyň çempiony bilen Türkmenistanyň Kubogynyň eýesiniň arasynda geçirilýär.