Turkmenportal logo
Düýn 14:53
58435843
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň wekilleri atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Niderlandlar Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Gaaga şäherinde Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň syýasy meseleler boýunça baş direktory Ýost Flamand hem-de Patyşanyň edarasynyň direktory Frans Prinsen bilen duşuşyklar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy Niderlandlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän, ahalteke bedewlerine we türkmen halkynyň milli atçylyk däplerine bagyşlanan iri halkara çärelerine görülýän taýýarlyklar barada giňişleýin maglumat berdi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Limburg welaýatynyň Peelbergen atçylyk sport merkezinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasyna aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, bu halkara çäre diňe bir dünýä meşhur ahal-teke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny giňden tanatmak bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolar.

Taňryguly Atahallyýew Niderlandlaryň wekillerini öňde boljak çärelere gatnaşmaga çagyrdy hem-de olary bu çäreleriň esasy maksatlary, geçiriliş tertibi we halkara ähmiýeti bilen tanyşdyrdy. Niderlandlaryň wekilleri bu başlangyja ýokary baha berip, onuň geçirilmegini goldaýandyklaryny hem-de öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde çäreleriň ýokary derejede guralmagyna ýardam bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şeýle hem öňde boljak çäreleriň maksatnamasy, resmi wekilleriň gatnaşmagy hem-de iki ýurduň degişli düzümleriniň arasynda alnyp baryljak utgaşdyryş işleri bilen baglanyşykly protokol we guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-niderland gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri barada hem pikir alyşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik dialogy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şeýle hem medeni we ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam berjek täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek babatda özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.