Turkmenportal logo
Düýn 14:32
52065206
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da söwda, ykdysady ösüş we işewürlik gatnaşyklary ugurlarynda oňyn depginde we özara bähbitli esasda ösdürilýändigini bellediler. Habarda aýdylyşy ýaly, duşuşygyň jemleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de geljekde hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Ozal habar berlişi ýaly, Beata Peksa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde alyp barýan diplomatik işini tamamlaýar.