Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyza iş sapary bilen gelen Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Märi Bäşimowanyň duşuşygy boldy.
DIM-niň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Tatarstanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Taraplar medeni hem-de ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyndan gelip çykýan ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berdiler. Şeýle hem şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Tatar gyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.