Turkmenportal logo
Şu gün 09:52
82948294
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýagşymyradow bilen Pauelliň PFL ýaryşyndaky söweşi 7-nji awgusta geçirildi

Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow bilen Beýik Britaniýanyň wekili Simeon Pauelliň PFL New York ýaryşynyň çäklerinde meýilleşdirilen söweşi 31-nji iýuldan 7-nji awgusta geçirildi. Bu barada Döwletjan Ýagşymyradow özüniň sosial torundaky sahypasynda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, söweşiň başga güne geçirilmegi garşydaşynyň sport komissiýasy bilen bagly ýüze çykan tehniki meseleler sebäpli bolupdyr. Ol ýagdaýyň ýakyn wagtda oňyn çözüljekdigine we söweşiň täze bellenen senede geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşyk ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Long-Aýlend sebitinde ýerleşýän «UBS Arena» sport toplumynda geçirilmelidi. PFL guramasynyň ýarym agyr agram derejesindäki reýtinginde Döwletjan Ýagşymyradow ikinji, Simeon Pauell bolsa bäşinji orny eýeleýär.

Döwletjan Ýagşymyradow soňky gezek 2026-njy ýylyň aprel aýynda geçirilen PFL Belfast ýaryşynda çykyş edip, eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen Taýson Pedrony ýeňdi. Häzire çenli türkmen türgeniniň hasabynda 26 ýeňiş, 8 ýeňliş we 1 deňme-deň netije bar.

Simeon Pauell bolsa iň soňky söweşini 2026-njy ýylyň maý aýynda PFL Sioux Falls ýaryşynda geçirip, üçünji raundda Emiliano Sordini tehniki nokaut bilen ýeňdi. Onuň görkezijisi 12 ýeňişden we 2 ýeňlişden ybarat.