2026-njy ýylda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynyň baş emini sloweniýaly Slawko Winçiç eminlik işini tamamlandygyny yglan etdi. Bu barada Sloweniýanyň futbol birleşiginiň metbugat gullugy habar berdi.
Winçiç dünýä çempionatynyň final duşuşygyna eminlik etdi. Şol oýunda Ispaniýanyň milli ýygyndysy goşmaça wagtda Argentinanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ikinji ýarymynyň ahyrynda ol argentinaly Enso Fernandese ikinji sary duýduryşy görkezdi we ol meýdançadan çykaryldy. Umuman, sloweniýaly emin 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda dört duşuşykda eminlik etdi.
Häzir 46 ýaşly Winçiç 2010-njy ýyldan bäri FIFA derejeli futbol emini. 2022-nji ýylda onuň ýolbaşçylygyndaky eminler topary Ýewropa ligasynyň final duşuşygynda eminlik etdi. Şol oýunda Germaniýanyň «Aýntraht» topary Şotlandiýanyň «Glazgo Reýnjers» toparyny penaltiler tapgyrynda (esasy wagt 1:1, penaltiler boýunça 5:4) ýeňdi. 2024-nji ýylda bolsa Winçiç Çempionlar ligasynyň finalyna eminlik etdi. Şonda Madridiň «Real» topary Dortmundyň «Borussiýasyny» 2:0 hasabynda ýeňip, bu abraýly kuboga taryhynda 15-nji gezek mynasyp boldy.