Turkmenportal logo
Şu gün 17:40
54315431
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda düýpli abatlaýyşdan soň Türkmenbaşyň Olimpiýa suw-sport toplumy ulanyşa berildi

Aşgabat şäherinde düýpli abatlaýyş işleri tamamlanandan soň Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa suw-sport toplumy gaýtadan ulanyşa berildi. Toplumyň desgalary Halkara suw sport görnüşleri federasiýasynyň standartlaryna doly laýyk gelýär.

Ýapyk howuz binasy bir wagtyň özünde 1741 adamy kabul etmäge niýetlenendir. Bu ýerde ýüzmek, suwa bökmek, suw polosy hem-de sinhron ýüzmek bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Howzuň daş-töweregi häzirki zaman ses we yşyklandyryş enjamlary bilen üpjün edilendir.

Türkmenbaşy adyndaky toplumda Türkmenistanyň Suw sport görnüşleri federasiýasynyň hünärmenleri we eminleri üçin iş otaglary, şeýle hem tehniki we ammar jaýlary ýerleşýär. Esasy howuzda geçirilýän ýaryşlary surata almak maksady bilen suwasty wideo düşüriş ulgamyny ulanmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Toplumyň binasynda uzynlygy 50 metr, ini 25 metr we çuňlugy 3 metr bolan uly ýüzüş howuzy, uzynlygy 15 metr, ini 25 metr we çuňlugy 5 metr bolan suwa bökmek üçin niýetlenen howuz, ölçegi 12,70 × 25 metr bolan suw seýilgähi, ölçegi 12,40 × 14,40 metr we çuňlugy 80 santimetr bolan çagalar üçin howuz, sport zaly, ýörite enjamlaşdyrylan türgenleşik zaly, sauna we bug otagy, geýim çalşyrylýan otaglar, lukmançylyk otagy, türgenler üçin dynç alyş otaglary, 200 orunlyk naharhana, kafe, şeýle hem woleýbol we basketbol meýdançalary ýerleşýär.

Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa toplumy suw sport görnüşleri boýunça, şol sanda halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Toplum bilen habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefonlar: +993 12 21-16-99, +993 12 21-04-31
E-poçta: infosuwtoplumy@sanly.tm
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 74.