Niderlandly hünärmen Mark wan Bommel Belgiýanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Belgiýanyň Patyşalyk futbol assosiasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Wan Bommel öz wezipesine 15-nji awgustda girişer. Onuň bilen baglaşylan şertnama 2028-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň ahyryna çenli hereket eder. Mundan ozal, 20-nji iýulda federasiýa 2025-nji ýylyň ýanwaryndan bäri milli ýygynda ýolbaşçylyk eden fransiýaly hünärmen Rudi Garsiýanyň wezipesinden gidendigini mälim edipdi.
49 ýaşly wan Bommeliň soňky iş ýeri Belgiýanyň «Antwerpen» futbol kluby boldy. Ol bu topara 2022–2024-nji ýyllarda ýolbaşçylyk etdi we 2023-nji ýylda klub bilen bilelikde ýurduň çempionatynda, Kubogynda hem-de Superkubogynda ýeňiş gazandy. Şeýle hem ol möwsümiň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi.
Tälimçilik ýolunda wan Bommel Germaniýanyň «Wolfsburg» we Niderlandlaryň PSV klublaryna hem ýolbaşçylyk etdi. Mundan başga-da, Awstraliýanyň, Saud Arabystanynyň milli ýygyndylarynyň we Niderlandlaryň ýaşlar ýygyndylarynyň tälimçiler düzümlerinde işledi.
Futbolçy hökmünde wan Bommel PSV klubynyň düzüminde dört gezek Niderlandlaryň çempiony boldy. Şeýle hem ol «Barselona» bilen Ispaniýanyň çempionatynda we UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, «Bawariýanyň» düzüminde iki gezek Germaniýanyň çempionlygyny gazandy, «Milan» bilen bolsa bir gezek Italiýanyň A seriýasynyň çempiony boldy. Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň düzüminde ol 2010-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.