Turkmenportal logo
Düýn 23:23
80768076
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 81-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Daşary işler ministrligi tarapyndan geljek mejlise taýýarlyk görmek maksady bilen degişli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanynyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary esasynda BMG-niň 81-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu möhüm resminama esasy ugurlaryň birnäçesinde ybaratdyr. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisine parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň bähbidine halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň möhüm tapgyry hökmünde garaýandygy bellenildi.

Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda parahatçylyk, howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanan «Ählumumy parahatlyk» strategiýasyny taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisinde Türkmenistan birnäçe garaýyşlar we teklipler bilen çykyş eder. Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde ileri tutýan garaýyşlaryny BMG-niň sekretariatyna ibermek, şeýle hem bu guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda ýaýratmak we resminamanyň mazmuny barada milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, taýýarlanylan teklipleri goldady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.