Aşgabatda Abu-Dabi welosport klubynyň hem-de Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän okuw-türgenleşik ýygnanşygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu çäräniň çäklerinde usuly-okuw maslahatlary we beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda sport ulgamyny ösdürmek, zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde welosport boýunça bilelikdäki okuw-türgenleşigini guramaçylykly geçirmek babatda beýan edilen teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.