Turkmenportal logo
Düýn 22:15
56935693
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda bu forumy şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirmeklik meýilleşdirilýär. Maýa goýum forumynda we ugurdaş çärelerde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum babatda özüne çekijiligi, ýangyç-energetika we senagat pudaklarynyň ähmiýetli ugurlary, ygtybarly ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşi, durnukly ösüş üçin sanly we «ýaşyl» özgertmeler, sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, agrotelekçilik, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalyk ulgamy we daşky gurşawy goramak, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň ösüşi, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen strategik ugurlar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek barada taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.