Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň rektory, professor, doktor Rahmi Eriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň bilim we awiasiýa ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar diýlip, Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň arasynda bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem awiasiýa pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça mümkinçilikler barada pikir alyşdylar.
Professor Rahmi Er uniwersitetiň işi we uçarmanlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi.
Gepleşikleriň dowamynda raýat awiasiýasy, uçuş howpsuzlygy, awiasiýa tehnologiýalary, logistika, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, talyplaryň hem-de professor-mugallymlaryň alyş-çalşyny ýola goýmak we bilelikdäki okuw maksatnamalaryny taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.