Turkmenportal logo
Şu gün 09:17
20122012
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ata Atdaýew Abu-Dabide geçirilen UAE Warriors 72 ýaryşynda ýeňiş gazandy

Türkmen garyşyk başa-baş söweş (MMA) sungatynyň ussady Ata Atdaýew 23-nji iýulda Abu-Dabidäki Space42 arenasynda geçirilen halkara UAE Warriors 72 ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazandy. Türkmen türgeniniň garşydaşy Braziliýanyň söweşijisi Paulo Wiktor boldy.

UAE Warriors – bu Abu-Dabide ýerleşýän we Ýakyn Gündogaryň garyşyk başa-baş söweşleri boýunça öňdebaryjy guramalaryň biridir. Bu guramanyň geçirýän ýaryşlary dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary derejeli türgenleri jemleýär hem-de MMA janköýerleriniň uly gyzyklanmasyny eýe bolýar.