Turkmenportal logo
Şu gün 14:57
88658865
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Altyn Toý Öýi elde taýýarlanylýan aýratyn milli türkmen lybaslaryny hödürleýär

Toý köýnegi diňe bir baýramçylygyň aýrylmaz bölegi däl. Ol ilkinji iňňe-sapakdan başlanyp, milli däp-dessurlary özünde jemleýän we ençeme ýyllap maşgalanyň gymmatly mirasyna öwrülýän hekaýatdyr. Hut şu ýörelgä eýerýän ýöriteleşdirilen Altyn Toý Öýi salonynda toý dabaralary, maşgala baýramçylyklary we beýleki möhüm wakalar üçin elde taýýarlanylýan, aýratyn milli türkmen keşdeli lybaslary tikilýär.

Salonyň ussat tikinçileri milli türkmen köýneklerini doly elde tikip, her bir aýratynlyga — takyk biçüwden başlap, nepis nagyşdyr keşde çekip, bezeg işlerine çenli uly üns berýärler. Her lybas müşderiniň islegleri, beden gurluşy hem-de geçiriljek dabaranyň häsiýeti nazara alnyp, aýratynlykda taýýarlanylýar. Şol sebäpli hem her köýnek hakykatdan-da gaýtalanmajak aýratynlyga eýe bolýar.

Toplumda milli kürteler aýratyn orun eýeleýär. Olar hem dolulygyna elde taýýarlanylýar. Müşderilere milli däplere laýyk nusgawy görnüşlerden başlap, özboluşly bezegler bilen baýlaşdyrylan döwrebap görnüşlere çenli dürli modeller hödürlenýär. Bu bolsa her bir zenanyň şahsy aýratynlygyny nygtaýan we baýramçylyk keşbini ajaýyp doldurýan lybasy saýlap almagyna mümkinçilik berýär.

Milli lybaslardan başga-da, Altyn Toý Öýi dabaralara taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn hyzmatlary hödürläp, durmuşdaky iň möhüm pursatlar üçin kämil baýramçylyk keşbini döretmäge ýardam berýär.

Altyn Toý Öýi salonynyň wekili şeýle belleýär:

«Biziň üçin her bir milli lybas diňe bir köýnek däl, eýsem ol türkmen medeniýetiniň we ussat senetkärçiliginiň şöhlelenmesidir. Biz her bir işimize ýürekden çemeleşýäris, sebäbi hut şol köýnekde iň eziz suratlar düşüriler, iň mähirli gutlaglar aýdylar we ömürboýy ýatda galjak ýatlamalar dörär. Biziň maksadymyz milli däpleri gorap saklamak bilen birlikde, olara döwrebap öwüşgin bermekden ybarat. Şeýlelikde, biz her bir müşderimiziň özüni gaýtalanmajak derejede ajaýyp duýmagyny isleýäris».

Altyn Toý Öýi salony Aşgabat şäherindäki «Aşgabadyň Ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýär.

Biziň toparymyz bilen habarlaşmak we onlaýn sargyt etmek üçin telefon belgileri: +993 71 25 26 45 we +993 71 90 67 13.