Türkmen halkynyň milli senenamasyna laýyklykda Aralyk döwründen soň dogýan Üçýyldyz 23-nji iýulda daňdanlar üç tirkeş bolup gündogar gözýetimde Aralyk ýyldyzynyň aşak ýanynda görünýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda şeýle bellenilýär:
«Aralyk döwründäki tirkeşip gelýän yssy, jöwzaly günlerden ýadan eždatlarymyz basymrak Üçýyldyzyň dogmagyny isläpdirler. Çünki «Üçýyldyzda tün sowar» diýlişi ýaly, hakykatdan-da, gündiz yssy bolsa-da, gijelerine salkyn howa aralaşyp, ýere çyg düşýär. Salkyn howada gijelerine gowy ýatyp dynç alan adamlar ertesi ýene-de täze günüň iş-aladalaryna girişýärler.
Bary-ýogy 20 gün dowam edýän Üçýyldyz döwründe gijelerine tünüň sowamagy daýhany-da, maldary-da öňde garaşyp duran «Ýaldyragyň ýangynyna» kemsiz taýýarlapdyr. Sebäbi 40 gün dowam edýän Ýaldyrak ýarpy bolandan soňra, onuň ýüzi güýze tarap. Şeýle-de bolsa, «Üçýyldyzyň galgyny» entek ýatdan çykanok. Ol gysga wagt dowam etse-de, daşymyzy gurşap alan ösümlik we haýwanat dünýäsine öz täsirini ýetirýär. Yzgary ýetik ýerde bitýän ýylgyn, gamyş, ýeken... şu döwürde örän çalt ösüp gülleýär. Yssy howany gowy görýän gowaça bu döwürde güllere bürelýär, hasyl toplaýar, şonda onuň suwuny kem etmeli däl.
Şeýlelikde, 23-nji iýulda başlanyp, 12-nji awgusta çenli dowam edýän Üçýyldyz döwri tomus paslynyň örküji bolup durýar. Ol öz ornuny aňsat-aňsat güýze, Mizana bermek islänok. 12-nji awgustdan başlanyp, 22-nji sentýabra çenli dowam edýän Ýaldyragyň yssy günlerini özüniň dowamy hasaplaýar. Hut şonuň üçin-de maldarlar dowarlaryň gije bakymyny Mizana çenli dowam etdirýärler. Daýhanlar bolsa gowaça edilýän idegi gowşatman, onuň bol hasyl toplamagyny gazanýarlar.
Üçýyldyz Akmaýa ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, ol «Orion dumanlygy, guşaklygy» ady bilen atlandyrylýar. «Orion» grek sözi bolup, «awçy» diýmegi aňladýar. Hakykatdan-da, belli-belli aralykda ýerleşýän Üçýyldyz duzaga çalym edýär. Edil şol Üçýyldyzyň golaýynda başga-da köreksi ýyldyzlar bar. Oňa bizde «Ýalan Üçýyldyz» diýilýär. Ol Towşan ýyldyzlar toparyna degişlidir».