Türkmenistanyň sungat ussatlary şu ýylyň 16 – 18-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara dostluk günleriniň çäginde guralan «Beýik Ýüpek ýoluna «Arirang» arkaly medeni syýahat» atly çärä gatnaşyp, uly üstünlik gazandylar. Bu barada TDH habar berýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy B.Gaýypow hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrap medeniýet merkeziniň artisti, aýdymçy A.Jumaýew Koreýa Respublikasynda geçirilen «Beýik Ýüpek ýoluna Arirang arkaly medeni syýahat» atly çärede üstünlikli çykyş edip, halkara festiwalynyň ýadygärlik nyşanyna mynasyp boldular.
Dostlukly ýurtda geçirilen halkara medeni çäresinde ýurň sungat ussatlarynyň gazanan döredijilik üstünlikleri medeniýet we sungat işgärleriniň kämil eserleri döretmekleri we olaryň halkara derejesinde guralýan bäsleşiklere, festiwallara gatnaşmaklary ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.