Turkmenportal logo
Şu gün 10:26
34413441
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen tennisçileriniň Dewisiň kubogynyň sebit ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy

kanyň Kolombo şäherinde geçirilýän Dewisiň kubogynyň sebit ýaryşynda Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndysy Yragyň, Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň ýygyndylary bilen bäsleşer.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, Şri-Lankanyň paýtagtynda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparçasynyň saýlama ýaryşy geçirilýär. Ol hem öz gezeginde iki toparça bölünip, birinde üç, beýlekisinde dört ýygyndy çykyş eder. Bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndysy Yragyň, Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň ýygyndylary bilen bilelikde «B» toparçasyna düşdi. «A» toparçasynda bolsa Kataryň, Demirgazyk Marian adalarynyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary çykyş eder.

Her toparçada birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylar geljek ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparyna çykmak ugrunda pleý-off duşuşyklarynda iki ýollanma ugrunda göreşer. Toparçalarynda üçünji orny eýelän ýygyndylar bolsa IV toparda galmak hukugy üçin özara geçiş duşuşygyny geçirer. Şol duşuşykda ýeňlen ýygyndy «B» toparçasynda dördünji orny eýelän ýygyndy bilen bilelikde Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparyna düşer.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýaryşdaky ilkinji duşuşygyny Kuweýtiň ýygyndysyna garşy geçirer.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýuriý Rogusskiý, Selim Çagylow, Aly Geldiýew we Resul Ataýew çykyş edýär. Ýygyndynyň kapitany Meýlis Orazmuhammedow, baş tälimçisi Miraly Gasanow, fitnes tälimçisi bolsa Samir Agabekowdyr.

Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň kubogynda 2004-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýärler. Geçen ýyl Bahreýniň Isa-Taun şäherinde geçirilen Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparynyň sebit ýaryşynda türkmen ýygyndysy «C» toparçasynda Bruneýiň, Bangladeşiň we Bahreýniň ýygyndylaryny 3:0 hasabynda ýeňip, ynamly ýagdaýda birinji orny eýeledi. Soňra bolsa pleý-off duşuşygynda Guamyň ýygyndysyny hem 3:0 hasabynda ýeňip, Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparçasyna çykmaga hukuk gazandy.