Turkmenportal logo
Şu gün 09:51
34593459
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi raýatlary yssy howada ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy raýatlara ýaşaýyş jaýlarynda, edara binalarynda, tokaý-seýilgäh zolaklarynda hem-de öri we sähralyk ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmegiň zerurdygyny ýatlatdy. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, açyk ot ýakmagyň, doly öçürilmedik otluçöp, çilim galyndylary we beýleki ýanyjy serişdeleri taşlamagyň, uçgun döredýän enjamlary ulanmagyň, şeýle hem daşky gurşawy hapalap, aýna gaplary we beýleki galyndylary galdyrmagyň düýbünden gadagandygyny belledi. Mundan başga-da, çagalary gözegçiliksiz goýmak we olaryň ot bilen oýnamagyna ýol bermek asla ýol berilmesiz hasaplanýar. Şeýle hem guran ösümlikli ýerlerde ulag serişdelerine tehniki hyzmat etmek üçin ol ýerlere awtoulag bilen girmek gadagan edilendir.

Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň düşündirmegine görä, tokaý zolaklarynda agaçlaryň guran şahalaryny yzygiderli kesmeli we agaçlaryň düýbünde ýygnanan gury ýapraklary hem-de beýleki gury ösümlik galyndylaryny arassalap durmaly. Kebşirleýiş işlerini ýerine ýetirýän hünärmenler işe başlamazdan öň iş meýdançasyny gury ösümliklerden toprak gatlagyna çenli arassalamaly, onuň daş-töweregine oda durnukly gorag ekranlaryny ýerleşdirmeli hem-de ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün etmeli.

Ýangyna garşy gorag zolagyny döretmek maksady bilen ýangyn howpsuzlygy gullugy edaralara agaçlaryň aralygyny haşal otlardan arassalamagy, hatarara ýerleri we bölüji zolaklary sürmegi maslahat berýär. Elektrik geçiriji ulgamlaryna degýän agaç şahalary hökmany suratda kesilmeli, tehnikalaryň gaz çykaryjy ulgamlary bolsa uçgun söndürijiler bilen enjamlaşdyrylmalydyr.

Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalara we guramalara tebigy zolaklarda işler alnyp barlanda ýangyn howpsuzlygy kadalaryny berk berjaý etmek tabşyryldy.

Habarda dowamly yssy howa döwründe durmuşda howpsuzlygy üpjün etmäge hem aýratyn üns berilýär. Raýatlara öýden ýa-da iş ýerinden çykmazdan öň gaz we elektrik enjamlarynyň öçürilendigini hökmany suratda barlamak, elektrik enjamlaryny diňe hünärmenlere gurnatmak maslahat berilýär. Kuwwatly elektrik enjamlary birikdirilende aýratyn elektrik geçirijisini çekmek, gorag ätiýaçlandyryjylaryny (ätiýaçlyk awtomatlaryny) oturtmak we birikdiriş nokatlaryny gyzmagyň öňüni almak üçin ygtybarly berkitmek zerurdyr. Şeýle hem işleýän gaz we elektrik enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmagyň ýol berilmesiz ýagdaýdygy nygtalýar.

Otluçöpler, çakmaklar we beýleki ot çeşmeleri çagalaryň eli ýetmeýän ýerinde saklanmalydyr. Şeýle-de işleýän enjamlara gözegçilik etmek çagalaryň ygtyýaryna berilmeli däldir. Gulluk degişli gözegçiliksiz ulanylýan elde ýasalan gaz we elektrik enjamlarynyň agyr netijelere getirýän hadysalaryň sebäbi bolup biljekdigini duýdurdy.

Ýangyn ýa-da onuň alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda raýatlara howsala düşmezlik we dessine 001 gyssagly gullugynyň belgisine jaň edip habar bermek maslahat berilýär.