Turkmenportal logo
Düýn 13:32
84928492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý bilen Russiýa wizasyz düzgüniň möhletini 2027-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Hytaý Russiýanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüniň möhletini 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltdy. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen täzelenen maglumatnamada aýdylýar.

Resminama laýyklykda adaty daşary ýurt pasporty bolan Russiýanyň raýatlary görkezilen senä çenli Hytaýa wizasyz girip bilerler. Mundan ozal bu düzgün 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabryna çenli hereket edýärdi.

Russiýanyň raýatlaryna Hytaýda wizasyz 30 güne çenli bolmaga rugsat berilýär. Bu mümkinçilik syýahatçylyk, işewürlik, myhmançylyk, alyş-çalyş maksatlary ýa-da üstaşyr geçmek üçin niýetlenen saparlara degişlidir. Emma işlemek, bilim almak ýa-da žurnalistika işi bilen meşgullanmak üçin öňküsi ýaly wiza talap edilýär.

Bu çözgüt jogap ädimi hökmünde kabul edildi. Munuň öňüsyrasynda Russiýa hem Hytaýyň raýatlary üçin wizasyz düzgüniň möhletini 2027-nji ýylyň ahyryna çenli uzaldypdy. Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda Hytaý tarapy hem şuňa meňzeş karary kabul edipdi.

Şeýlelikde, iki ýurduň arasyndaky wizasyz düzgün indi özara esasda hereket edýär we ol 2027-nji ýylyň ahyryna çenli dowam eder.