Türkmenistan tahýa taýýarlamagyň sungatyny we ony geýmegiň däplerini Adamzatyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin ÝUNESKO degişli resminamalary hödürledi. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça TDH habar berýär.
Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň hem-de edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygy anyk ugurlarda ösdürmegiň meýilnamalaryny kesgitlediler, şeýle hem toparyň 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda bitiren işleriniň jemleri barada hasabaty diňlediler.
Toparyň hasabatynda bellenilip geçilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri türkmen tarapynyň teklipleri esasynda milli mirasyň üç gymmatlygyny ÝUNESKO-nyň sebit we halkara sanawlaryna girizmek üçin möhüm resminamalar taýýarlanyldy hem-de hödürlenildi.
Şunda gürrüň, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenen Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly halk lukmançylygyndaky däpleri hem-de tahýa taýýarlamagyň sungaty we ony geýmegiň däpleri, şeýle-de «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitleýin sanawyna girizilmegi teklip edilen, VIII asyrda ýaşap geçen meşhur alym, akyldar sopy Ybraýym Edhemiň durmuşy we filosofiýasy barada Türkmenistanyň golýazmalar gaznasynda saklanylýan ýazuw gymmatlyklary barada barýar.