Turkmenportal logo
Şu gün 12:11
49674967
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistandaky süýşgünler we sil joşmalary on dokuz adamyň ömür tanapyny üzdi
Surat: mir24.tv

Hindistanyň demirgazygynda güýçli süýşgünlerdir sil sebäpli 19 adam gurban boldy diýip, «MIR 24» habar berdi.

Birnäçe adam dereksiz ýiten hasaplanýar. Gözleg-halas ediş işleri dowam edýär. Çabgalar netijesinde ýerli derýanyň suwy iň ýokary derejä ýetip, gatlany ýykdy. Peslikdäki ilatly ýerler suwuň astyna gitdi. Jammu we Kaşmir ştatlarynda sil öýleri, ýollary basdy, awtoulaglary syryp äkitdi.

«Bu tebigy betbagtçylyk, edere çärämiz ýok. Ähli tarapdan gabaldyk, suw çar ýanymyzy tutdy. Goňşular bolup, birek-birege halas bolmaga kömek etdik» diýip, ýerli ýaşaýjy Imran gürrüň berdi.