Turkmenportal logo
Şu gün 11:16
48494849
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara futbol federasiýasy dünýä çempionatyndan 15 milliard dollar girdeji alar
Surat: daryo.uz

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) geçen ýekşenbede tamamlanan 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň jemleri boýunça 15 milliard dollar girdeji almagy çaklaýar. Bu ilkibaşda çaklanan 11 milliard dollardan has kändir.

Habarda guramanyň prezidenti Janni Infantinonyň FIFA-nyň agzalaryny ýaryşlaryň maliýe jemleri bilen habarly edendigi aýdylýar. Goşmaça girdeji çeşmeleri myhmansöýerlik maksatnamalary, VIP-bukjalar we petekleriň ikinji bazary bolupdyr. Ýagny petekler gaýtadan satylanda, gurama satyjydan hem, müşderiden hem 15 göterim tutum alyp galýar.

Girdejileriň bir bölegi milli futbol assosiasiýalaryny goldamak boýunça gaznanyň serişdelerini artdyrmaga goýberiler diýlip garaşylýar. Serişdeleri paýlamak guraly heniz ara alnyp maslahatlaşylanok.

Çempionatyň oýunlaryny görmäge gatnaşan tomaşaçylaryň köp bolandygyna garamazdan, Ispaniýa bilen Argentinanyň final duşuşygynyň öňüsyrasy FIFA-nyň resmi portalynda VIP-bukjalaryň satylman galandygy bellenýär. Kähalatda adam başyna petekleriň bahasy 34,5 müň dollara deň bolupdyr.

Bu barada «The Guardian» neşirine salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi.