Turkmenportal logo
Düýn 11:03
68966896
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyndaky ýeňşini Madridde dabaraly ýöriş bilen belläp geçdi

Futbol boýunça dünýä çempiony bolan Ispaniýanyň milli ýygyndysy watanyna dolanyp geldi we Madridiň merkezinde üsti açyk awtobuslarda geçirilen dabaraly ýörişe gatnaşdy. Ispaniýanyň Patyşasy Filip VI olary garşylamak dabarasynyň başyny çekdi. Şeýle-de futbolçylary ýurduň Premýer-ministri Pedro Sançes kabul etdi — diýip, aljazeera.com saýty habar berýär.

Ispaniýanyň ýygyndysy ýaryşyň finalynda Argentinanyň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Goşmaça wagtda ýeňiş goluny Ferran Torres geçirdi. Bu Ispaniýanyň futbol boýunça dünýä çempionatynda gazanan ikinji çempionlygydyr. Ilkinji gezek bu ada 2010-njy ýylda mynasyp bolupdy.

Madridiň merkezi köçelerinde geçirilen dabaraly ýörişe takmynan bir million janköýer ýygnandy. Futbolçylary alyp barýan kerwen Sibeles meýdançasyna ugrady. Ol ýerde milli baýdagyň gyzyl-sary reňklerine beslenen müňlerçe janköýer topary uly joşgun bilen garşy aldy.

Milli ýygyndynyň kapitany Rodri uçardan dünýä kubogyny göterip düşenden soň, bu ýeňşi özüniň sport ýolundaky iň uly üstünlik diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, Iker Kasilýas we Andres Inýesta ýaly futbolçylaryň göreldesinde kemala gelen nesil üçin olaryň gazanan üstünligini gaýtalamak futbol dünýäsindäki iň beýik wakalaryň biridir.

Baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda gynandyryjy waka hem boldy. Sýudad-Rodrigo şäherinde gijäniň ýarynda janköýerleriň baýramçylyk wagtynda çykyp duran suw çüwdürimi olaryň agramyna çydaman ýykyldy we onda 13 ýaşly ýetginjek heläk boldy.

Ispaniýanyň zenanlar milli ýygyndysynyň 2023-nji ýylda dünýä çempiony bolandygyny hem nazara alsak, ýurt ilkinji gezek erkekleriň we zenanlaryň arasynda dünýä çempiony adyny bir wagtyň özünde eýeleýär. 2030-njy ýylda bolsa Ispaniýa Portugaliýa we Marokko bilen bilelikde futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul edýän ýurtlaryň biri bolar.