Turkmenportal logo
Şu gün 10:06
33003300
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Endi Bernem Beýik Britaniýanyň Hökümet başlygy wezipesine girişdi
Surat: tass.ru

Beýik Britaniýanyň ýurdy dolandyryjy Leýboristler partiýasynyň täze lideri Endi Bernem Patyşa Karl III hökümeti düzmek barada tabşyryk alandan soňra Premýer-ministriň wezipesine girişdi. Bukingem köşgünde Patyşanyň täze Premýer-ministri kabul edişliginden görnüşleri onuň metbugat gullugy ýaýratdy.

Şunlukda, 56 ýaşly Bernem 2022-nji ýylda tagty eýelän Karl III tarapyndan tassyklanan üçünji Premýer-ministr boldy. Munuň öňüsyrasy Patyşa öňki Premýer-ministr Kir Starmeriň iş başyndan gitmek barada arzasyny kabul etdi.

Starmeriň:«Meniň işim bitdi. Häzir Britaniýanyň mundan iki ýyl öňdäkiden güýçli we adalatly bolandygyna ynanýaryn» diýen sözlerini «Sky News» getirýär.