Türkmen teatr sungatynyň wekilleri 13–17-nji iýul aralygynda Moskwada geçirilen «Halkara teatr hyzmatdaşlygynyň günleri» atly bilim forumyna işjeň gatnaşdylar.
Forumyň maksatnamasyna teatr işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw sapaklary we ussatlyk sapaklary, taslama okuw seminarlary, tegelek stol mejlisi, «Teatr — dialog üçin giňişlik» atly döredijilik agşamy hem-de beýleki dürli çäreler girizildi. Pikir alyşmak meýdançalary Russiýanyň tejribeli teatr we kino işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Çärä Belarusdan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Liwandan, Moldowadan, Nepaldan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Fransiýadan we Efiopiýadan gelen ýaş aktýorlar, režissýorlar hem-de teatryň işini dolandyryjy hünärmenler gatnaşdylar.
Türkmen wekiliýeti üçin emeli aňyň sahna sungatyndaky mümkinçiliklerine we täze innowasion tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan hünär kämilleşdiriş okuwlary aýratyn peýdaly boldy.
Okuw hepdesiniň dowamynda teatr işgärleri F. M. Dostoýewskiýniň «Jenaýat we jeza» romanynyň esasynda sahnalaşdyrylan «R.R.R.» spektaklyna, şeýle hem «Anna Karenina» baletine tomaşa etdiler. Şeýle-de olar spektakllarda ulanylýan häzirki zaman sahna bezegleri, saz çözgütleri we sahna egin-eşiklerini taýýarlamakdaky innowasion çemeleşmeler bilen tanyşdylar.
Forumyň jemleýji gününde türkmen wekillerine işjeň gatnaşandyklary üçin halkara sertifikatlar gowşuryldy.