Turkmenportal logo
Düýn 22:26
84198419
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunda birnäçe bilelikdäki bilim we medeni taslamalary öňe sürmek boýunça başlangyçlary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şol sanda 2026-njy ýylyň oktýabr ayynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan ýokary derejedäki çärelere degişli meselelere hem üns çekdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.