Turkmenportal logo
Düýn 22:14
64386438
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Diplomat Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurduň ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti diplomaty Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde alyp barjak jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutany BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Milletler Bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyk etmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde alnyp barylýan giň gerimli işleri aýratyn bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Diplomat Türkmenistanda BMG wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysynyň alyp barýan jogapkärli işiniň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, diplomata ýene bir gezek işinde üstünlikleri arzuw etdi.