Turkmenportal logo
Düýn 22:08
59655965
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatlarda geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek maksady bilen galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Degişli şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilýär. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, gögeriş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlarda saklamak we ilata ýetirmek, şeýle hem güýzlük ýeralmanyň we beýleki ekinleriň ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýurtda şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriň barşy barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin taýýarlyk görmegiň we gowaça ideg etmek işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.