Türkmen gyzy Şirin Jumaýewa 14–19-njy iýul aralygynda geçirilen «Witebskdäki Slawýan bazary» halkara sungat festiwalynyň sahnasynda üstünlikli çykyş etdi.
Şirin meşhur «Hoş gal, Meri Poppins!» atly çagalar filminden «Özgertmeleriň şemaly» («Ветер перемен») aýdymyny ýerine ýetirdi.

Ýaş aýdymçy XXIV Halkara çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň diplomanty boldy hem-de «Witebskdäki Slawýan bazary» festiwalynyň sahnasyna çykan ilkinji türkmen wekili hökmünde taryha girdi.

Şirin özüniň şeýle iri möçberli aýdym-saz forumynda Türkmenistana wekilçilik etmeginiň özi üçin uly hormat bolandygyny aýtdy.